JEMGYÝET

Ýangyn döremeginiň öňüni almaga bagyşlanan ylmy-okuw maslahaty geçirildi

Lebabyň atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölümi bilen bilelikde guramagynda «Tebigata söýgi — Watana söýgi» atly ylmy-okuw maslahaty geçirildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Tomus paslynyň yssy howaly günlerinde tebigaty goramak, ýangynyň döremeginiň öňüni almak esasy wezipeleriň bir hökmünde örboýuna galýar. Maslahatda çykyş edenler tebigatda ýangynyň köplenç halatlarda adamlaryň geleňsizligi sebäpli döreýändigini bellediler. Tebigata gezelenje çykylanda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Tebigaty ýangyndan ygtybarly goramakda ilatyň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleriniň ähmiýetiniň uludygy aýratyn nygtaldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: