JEMGYÝET

1-nji iýundan daşary ýurt ulaglaryna Türkmenistanyň çäginden geçmäge rugsat berilýär

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan daşary ýurt awtoulag serişdelerine sürüjileri bilen bilelikde Türkmenistanyň çäginden geçmäge rugsat berilýändigi barada habar peýda boldy. Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtly ulaglar üçin belli bir ugur — «Sarahs — Farap — Sarahs» ugry görkezilen.

Şonda Türkmenistanyň çäginde geçýänler bildirilýän talaplaryň ählisini berjaý etmelidir. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini doly kuwwatlylygyna ulanmak, halkara gatnawlarynda ýük dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen şeýle karara gelinendigi bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: