JEMGYÝET

Lebap welaýatynda mekdep bazarlarynyň 104-si hereket edýär

Lebap welaýatynda mekdep bazarlary işleýär. Welaýat boýunça jemi göçme söwda nokatlarynyň 104-si hereket edýär. Olaryň 69-sy welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigine, 35-si bolsa hususy telekeçilere degişlidir.
Şonuň ýaly-da, Lebap welaýat alyjylar jemgyýetiniň dükanlarynyň 560-synda mekdep burçlary döredilipdir.
Her ýyl bolşy ýaly, mekdep bazarlary adamlaryň köp barýan ýerlerinde guralypdyr. Olarda alyjylara okuw esbaplary we egin-eşikler hödür edilýär. Harytlaryň arasynda okuwçy depderleri, gündelikler, ruçkalar, galamlar, sumkalar, oglanlar we gyzlar üçin egin-eşikler, tahýalar we beýleki okuw esbaplary bar. Satuwa çykarylan harytlaryň hili gowudygy we nyrhlary alyjylar üçin elýeterlidigi bilen tapawutlanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply