JEMGYÝET

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 40-njy orta mekdebinde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» ady bilen baýramçylyk dabara geçirildi.Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň welaýat baş bilim müdirligi bilen bilelikde guran çäresine mekdebiň mugallymlary, okuwçylar gatnaşdylar.

Onuň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakynda gyzykly gürrüňler edildi. Çagalar kitaphanasynyň wekilleri akyldar şahyryň kitaplarynyň neşir edilişi barada okuwçylara gürrüň berdiler, «Magtymguly köňülleriň şahyry» ady bilen kitap sergisini guradylar we şahyryň eserlerine syn berdiler. Dabaranyň dowamynda mekdep okuwçylary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okadylar, olara döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler, gysgajyk sahnalary görkezdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: