JEMGYÝET

Mekdepler täze okuw ýylyna taýýarlanylýar

Türkmenabat şäherindäki, Kerki, Çärjew, Dänew, Farap etraplaryndaky umumy bilim berýän orta mekdeplerde abatlaýyş-bejeriş işleriniň örän guramaçylykly geçirilendigi barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Şu günler Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinde şu günler abatlaýyş işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da, mekdepleriň çägindäki ýanýodalaryň asfalt örtügi çalşyrylýar, üçekler, yşyklandyryş ulgamy abatlanylýar. Şeýle-de, mekdepleriň baglarynda timarlaýyş işleri geçirilýär, diýip neşir ýazýar. Häzirki wagtda welaýatda orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 385-si hereket edýär. Olarda geçen okuw ýylynda olarda ýaşlaryň 300 müňden gowragy bilim aldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: