JEMGYÝET

«Hasar» hojalyk jemgyýeti Täze ýyla baýramçylyk sowgatlary taýýarlady

«Hasar» hojalyk jemgyýetinde Täze ýyla 200 müňden gowrak baýramçylyk sowgatlaryny taýýarladylar.

Çagalara we uly adamlara niýetlenen baýramçylyk sowgatlarynda «Çokomelon», «Snikers» konfetleri, şokolad huruşly «Lezzet» kökesi, huruşly «Desse» konfeti, marmelad bar. Şonuň ýaly-da, şokolad we kofe huruşly kemputlaryň täze görnüşleri hem goşuldy. Bu önümleri kärhanada ýakynda öndürip başladylar. Süýjini has gowy görýänler üçin bolsa «Hasar — assorti» şokolad konfetleriniň toplumy goýberildi.

«Hasar» hojalyk jemgyýetinde her gün konditer önümleriniň ýüzden gowrak görnüşiniň 50 tonna töweregi öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: