JEMGYÝET

Bäsleşik Gurban baýramyna bagyşlandy

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde Gurban baýramyna bagyşlanan bäsleşik geçirildi.

Türkmenistanyň Demokratik we Agrar partiýalarynyň Lebap welaýat komitetleriniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guran çäresine bilim ulgamynyň işgärleri hem-de ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Bäsdeşler gadymdan gelýän milli, esasan hem, Gurban baýramyna mahsus tagamlary laýyklykda taýýarladylar. Soňra olar özleriniň taýýarlan milli tagamlary bilen toý saçagyny bezediler we tagamlaryň taýýarlanylyşy, olaryň ynsan saglygyna ýetirýän oňyn täsirini beýan etdiler.

Netijede orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky tehniki orta hünär okuw mekdebi birinji, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi ikinji, Lebabyň ýörite sungat mekdebi üçünji orunlary eýelediler. Bilim we terbiýeçilik edaralarynyň arasyndaky bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki 25-nji orta mekdep birinji, şäheriň 63-nji çagalar bagy ikinji, 46-njy çagalar bagy üçünji orunlara mynasyp boldular.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: