Şu gün Türkmenistanda Gurban baýramy başlandy. Ol her ýyl onuň senesi Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen bellenilýär we üç gün iş güni däl diýlip yglan edilýär. Bu ýyl iýul aýynyň 20-21-22-si baýram ediler.
Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan senäni şatlyk-dabara bilen garşy almak, bütin halk bilen agzybirlikde bellemek Garaşsyzlyk ýyllarynyň asylly däpleriniň birine öwrüldi. Musulman dünýäsinde giňden bellenilýän bu baýramy geçirmegiň däp-dessurlary asyrlaryň synagyndan geçip, biziň günlerimize ýetip gelipdir. Soňky ýyllarda olaryň üsti täze edim-gylymlar, öwüşginler bilen dolduryldy. Ol her ýyl agzybirlikde bellenilýär.