YKDYSADYÝET

«Altyn guş» hususy kärhanasynda islegli önümler öndürilýär

Lebap welaýatynyň  Saýat etrabynyň Mülk geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Altyn guş» hususy kärhanasynyň guşçulyk toplumynda ýumurtga berýän towuklaryň 22 müňden, et üçin niýetlenen broýler towuklarynyň 10 müňden gowragy idedilýär. Bir günde 15 müňden gowrak ýumurtga alyjylara iberilýär. Bu barada «Bereketli toprak» gazeti ýazýar.

Toplumda inkubator hem bar. Onda birbada 200 müňden gowrak jüýje çykaryp bolýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Aksoltan Hajyýewanyň ýolbaşçylygyndaky toplum häzirki wagtda doly önümçilik ýoluna düşdi. Hususy kärhananyň Balkan welaýatynda hem guşçulyk toplumy bar. Onda telekeçi dogany Serdarmuhammet Nurmyradow bilen bilelikde iş alyp barýar. Towuklaryň iýmitini telekeçiniň Köýtendagda esaslandyran «Suwly ýap» daýhan hojalygynda öndürilýär. Bu ýerde 1200 gektarda guşlaryň iými üçin ekinler ekilýär we towuklar üçin 15 dürli iým taýýarlanylýar. Hojalygyň 5 müň gektara golaý ýerinde dürli oba hojalyk ekinlerini ekilýär. Toplumda öndürilýän önümler Lebap welaýatynyň dürli künjeklerindäki, şonuň ýaly-da Aşgabat şäheriniň söwda nokatlaryna ugradylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: