Türkiýäniň «Türkhowaýollary» kompaniýasy 2022-nji ýyldaky üçünji ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň «Telegram» jemgyýetçilik torundaky hasabynda habar berildi, diýip, «atavatan-turkmenistan.com» ýazýar.
Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkiýäniň «Türkhowaýollary» kompaniýasy «Stambul—Türkmenbaşy—Stambul» ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.
Türkiýäniň üsti bilen Russiýa gitjek ýolagçylaryň bu gatnawdan peýdalanyp biljekdigi aýdylýar.