Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Mekdep muzeýiniň eksponatlarynyň sany artýar

Dec 4, 2020

Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 14-nji mekdebiň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde toplanan eksponatlaryň sany 200-den geçdi.
Muzeýi 1979-njy ýylda döredipdiler. Şol ýyl okuw jaýynyň ýerleşýän Göýnük obasynyň taryhyny öwrenmek we indiki nesillere galdyrmak maksady bilen mekdebiň taryh mugallymy Wenera Jumaýewanyň ýolbaşçylygynda eksponatlary toplamaga girişipdirler. Oňa kärdeşleri Öre Kurbanow, Narkuly Allakulyýew, Narsoltan Jorakulyýewa dagylar hem ýakyndan kömek beripdirler. Olaryň başlangyjyny obanyň ýaşaýjylary goldapdyrlar we köneden galan zatlary muzeýe tabşyrypdyrlar.
Birnäçe eksponatdan başlanan muzeýde bu gün taryhy maglumatlary jemleýän uly medeniýet ojagyna öwrüldi. Häzir bu ýerde öňler ulanylan iş gurallary, öý goşlary, mis, keramiki, agaç gap-çanaklar, ütükler, ýazuw esbaplary, daşşoý, elek, küýze, soky, kersen we beýleki eksponatlar saklanylýar. Olaryň ählisi gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär.
Muzeýde ülkäni öwreniş sapaklary geçirilýär. Oňa diňe mekdep okuwçylary däl-de, obanyň ýaşaýjylary we myhmanlary hem gelip görýärler.

Leave a Reply