TÜRKMENISTAN HABARLARY

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi

Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli duşuşygy geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Resminama laýyklykda, Guramaçylyk toparyna şu duşuşygy guramaçylykly geçirmek boýunça utgaşdyryş işlerini, şeýle hem bu ugurda zerur çäreleri amala aşyrmagy üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem Daşary işler ministrligine Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariaty bilen bilelikde duşuşygyň maksatnamasyny we gün tertibini taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: