TÜRKMENISTAN HABARLARY

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Prezidenti boldy

  • Merkezi saýlaw toparynyň 14-nji martda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi. Bu barada merkezi saýlaw toparynyň resmi internet saýtynda habar berildi.
  • Bellenilişi ýaly, saýlawlar güni sagat 07:00-dan 19:00 çenli saýlaw hukukly raýatlar işjeňlik bilen ses bermäge gatnaşdylar. Ýurt boýunça hasaba alnan 3.460.080 saýlawçydan 3.362.052-si ses berip, 97,17% gatnaşyk boldy. Demokratik şertlerde geçirilen saýlawlarda dalaşgärleriň jemi 9-sy bäsleşdi.
  • Şeýlelikde, ses bermegiň netijelerine görä:
  • Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Begenjow Perhat Guwançgulyýewiç 2,02 %;
  • Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Bekmyradow Agajan 7,22 %;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç 72,97 %;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanow Berdimämmet Hanmämmedowiç 2,22 %;
  • «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň direktory Meredow Babamyrat Tirkeşowiç 1,08 %;
  • Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Nunnaýew Hydyr Kakabaýewiç 11,09 %;
  • Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyňSaparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Ödeşow Maksat Myradowiç 1,15 %;
  • Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Öwezgeldiýew Maksatmyrat Aşyrgeldiýewiç 1,16 %;
  • Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Saryýew Kakageldi Atajanowiç 1,09 % ses aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: