Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabriginiň önüminiň köp bölegi eksporta ugradyldy

May 10, 2021

«Türkmen gündogary» gazetiniň habar bermegine görä, Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabriginiň önümlerine isleg bildirýänleriň hataryna Ermenistan döwleti hem goşuldy. Bu bolsa fabrigiň işgärleriniň önümiň hiline aýratyn üns berýändiklerini görkezýär.
Fabrigiň işçileri şu ýylyň başyndan bäri 14 million 918 müň 519 manatlyk önüm öndürdiler. Nah ýüplük önümleriniň 10 million 151 müň 179 manatlygy eksporta ugradyldy. Bu bolsa eksportyň ösýändigini görkezýär. Önümlere Russiýa, Türkiýe, Polşa ýaly ýurtlar we dünýä meşhur firmalaryň onlarçasy aýratyn uly isleg bildirýärler.

Leave a Reply