YKDYSADYÝET

«Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde çaga eşikleri tikilip başlandy

«Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde çaga eşikleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Onuň ilkinji tapgyry sarp edijilere ugradyldy. Dürli ýaşly mekdep okuwçylaryna niýetlenen jalbarlar, köýnekler, penjekler we kurtkalar kärhanada işe goýberilen täze tikinçilik bölümiň ilkinji önümleridir.

«Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2020-nji ýylda Marynyň öňki gön zawodynyň binýadynda döredilipdi. Geçen ýyl bu ýerde paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjylarynyň biri bolan «Röwşen aýakgaplary» hususy kärhanasynyň tejribeli hünärmenleriniň goldawy bilen mekdep okuwçylar üçin aýakgaplar hem ňndriliň başlandy. Şondan bäri çagalar aýakgaplarynyň 80 müň jübütden gowragy öndürildi.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: