JEMGYÝET

Dekabrda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantuma ýazuwy geçiriler

2022-nji ýylyň 17-nji dekabryndan 27-nji dekabryna çenli aralykda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantuma ýazuwy geçiriler. Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komiteti bu barada «TMCELL» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň üsti bilen ilaty sms arkaly habarly etdi.

Ilat ýazuwy ilatyň demografiki düzümi we ýurduň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada takyk maglumatlary almaga ýardam eder. Bu bolsa döwlet syýasatyny, meýilnamalary we dolandyryşy işläp taýýarlamakda örän ähmiýetlidir.

Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantuma ýazuwy geçirilende, elektron serişdelerinden peýdalanylar. Maglumatlar «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň beren planşetlerinde alnyp barylar. Bu ýazuwyň hilini üpjün eder, toplanan maglumatlary redaktirlemegi we işlemegi çaltlandyrar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: