YKDYSADYÝET

Dokalmaýan matanyň täze görnüşi öndürilýär

«Garagum» hojalyk jemgyýeti dokalmaýan matanyň täze görnüşini – spanbond mata çykarmagy özleşdirýär, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda telekeçiler bu matanyň görnüşiniň ýylda 2500 tonnasyny öndürýän zawodyny gurdular. Häzir kärhanada enjamlary sazlama işleri alnyp barylýar. Dokalmaýan matany öndürmek üçin çig mal hökmünde ýurdumyzda öndürilýän polipropilen ýaly süýüm emele getirýän polimerler ulanylar.

Matalardaky bu süýümler dokmaçylyk usulyny ulanmazdan, aýratyn usul bilen özara baglanyşdyrylýar. Bu usul dokma önümleriniň ýerini tutýan, şol bir wagtyň özünde matanyň dykyzlygy, berkligi, ýygrylma hem sürtülmä çydamlylygy, howa geçirijiligi we beýleki görkezijileri taýdan has ýokary häsiýetlere eýe bolan täze gurluşly mata almaga mümkinçilik berýär. Bagtyýarlyk etrabyndaky zawod spanbond matanyň önümçiligini özleşdirýän ikinji kärhanadyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: