YKDYSADYÝET

«D65EX-16» kysymly buldozerler satyn alyndy

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti üçin Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalary gelip gowuşdy. Bu 1-nji tapgyrda gelip gowşan tehnikalar «D65EX-16» kysymly buldozerlerden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň arasyndaky degişli ylalaşyga laýyklykda, ýurduň suw hojalygy pudagy üçin «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalaryň 200-siniň, şol sanda 167 ekskawatoryň, 23 buldozeriň hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn alynmagy bellenildi. Ýakynda 1-nji tapgyrda gelip gowşan tehnikalar ýokary amatlyklary bilen tapawutlanýar. Täze buldozerler sowadyş, ýyladyş ulgamlary, şeýle-de olary dolandyrmak üçin ýörite monitor bilen üpjün edilendir. «Komatsu D65EX-16» kysymly buldozerleriň kuwwatlylygy 209 at güýjüne deň bolup, iş öndürijiligi sagatda ortaça 115 — 120 kub metre barabardyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: