DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Marsda ýöreýän «Curiosity» daş hažžygyny surata düşürdi

Suratdaky şekil hažžyga-da meňzeş, ýöne bir tarapdan pişigiň kellesine hem çalymdaş. Marsda ýöreýän ony 2012-nji ýyldan bäri öwrenip ýören Geýla kraterinde surata düşürdi. Şekiller bilen bezelen kiçijik gaýanyň 16,5 santimetr töweregi beýiklikdäki arkasy bar. Onuň adaty däl görnüşi hatda alymlary hem tolgundyrdy, diýip «mail.ru» ýazýar.

Şekiller bilen bezelen arka Geýla krateriniň düýbünden 5,5 kilometr beýiklikde ýerleşýän Şarp dagynyň eteginde ýerleşýär.

Marsyň üsti çem gelen ýerde pytrap ýatan daşlardan, çägeden we toprakdan ybarat. Şonuň üçin hem, daşyň ýa-da gaýanyň suratynda ýerdäki zatlara meňzeş şekili görmek bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: