TÜRKMENISTAN HABARLARY

Dimaş Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat we ýedeniýet ussstalrynyň gala-kpnsertinde çykyş etdi

Gazagystanyň at gazanan medeniýet işgäri, kompozitor hem-de multinstrumentalçy Dimaş diýip tanalýan Dinmuhammed Kudaýbergen diňleýjileri öz kuwwatly we güýçli wokaly bilen haýran galdyrdy, diýip «Türkmenistan bu gün» dölwet habarlar agentligi ýazýar.

Artist öň hem Türkmenistana 2015-nji ýylda geldi we «Mary — türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly festiwalyň ýapylyş dabarasynda çykyş etdi.

Ýaş wokalçylaryň — meşhur halkara bäsleşikleriň ýeňijileri Gyrgyzystandan Guljigit Kalykowyň we Gulzinat Surançiýewanyň, Täjigistandan Bahtiýor Ibrahimowyň we Muhammadrafi Karomatullonyň, Gazagystandan Ruhiýa Baýdukenowanyň, şeýle hem häzirki zaman özbek estradasynyň wekilleri — Bunýod Saidowyň hem-de Tulkinbaý Jabborowanyň çykyşlary konserte özboluşly öwüşgin çaýdy.

Türkmen artistleri bilen bilelikde ýerine ýetirmelerde dostlukly halklaryň däpleriniň baýlygyny şöhlelendirýän, sungatyň birleşdirýän güýjüni nygtaýan sahnalar görkezildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: