DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýeriň ewolýusiýasyny dört minutlyk rolikde görkezdiler

Özüniň ewolýusiýasynyň başynda Ýer dowzahy ýatladýan saýýara eken. Ol adamlaryň ýaşamagy üçin ýaramly bolýança, milliardlarça ýyllar gerek bolupdyr. Alym we kompýuterçi Dewid A.Roberts biziň saýýaramyzyň nähili özgerendigini dört minutlyk rolikde görkezdi, diýip «mail.ru» ýazýar. Ýeriň taryhy Gün ulgamynda bir bölek erän jynsyň emele gelip başlamagy bilen 4,5 milliard ýyl mundan ozal başlanypdyr. 4 milliard ýyl töweregi mundan ozal kraterlerden doly «gaýnaýan» saýýara bolupdyr. Ýer ýuwaş-ýuwaşdan sowapdyr 23 3 milliard ýyldan ozal onda plitalaryň tektonikasy emele gelip başlapdyr. Roberts saýýaranyň üstüni örten ummanlary we suwdan göterilen ilkinji uly yklymlary görkezdi. Olar bölünip, häzirki yklymlar emele gelipdir. Biz soňunda biz garaňky wagty uly şäherleriň ýanýan yşyklaryny görýäris.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: