DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hem äýnek, hem foto- we wideokamera

«Faceboogyň» durmuş seti akylly äýnek görkezdi. Ol «Ray-Ban» brendi bilen bilelikde goýberilipdir we bahasy 299 dollar barabar, diýip «Российская газета» habar berýär.

Enjam edil adaty äýnek ýaly, ýöne onuň birnäçe täsin mümkinçilikleri bar. Birinjiden, äýnek oturdylan 5 megapikselli kameranyň kömegi bilen surata düşürip we wideoýazgy edip bilýär. Wideonyň dowamlylygy 30 sekunddan köp däl, äýnege jemi şeýle wideoýazgylaryň 30 sanysy ýa-da 500 sany fotosurat ýerleşýär. Şonuň ýaly-da, oňa «Qualcomm Snapdragon» lineýksynyň prosessory oturdylan, ýöne haýsy çip barada gürrüň gidýändigi entek nämälim.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: