BIZE YAZYARLAR

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi biziň günlerimizde

 Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny,  dünýewi   garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, XVIII-XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde mynasyp bellemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede guramaçylykly belleniler. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan döwletimiziň ähli künjeklerinde döredijilik bäsleşikleri, edebiýat we döredijilik duşuşyklary geçiriler.

  Döreden eserleri  bilen edebi mirasymyza we dünýä  edebiýatynyň  altyn  fonduna  gymmatly goşant goşan  Magtymguly  Pyragy türkmen  halkynyň  söýgüli şahyry  hem-de milli guwanjydyr. Şahyr  Magtymgulynyň  dünýä  derejesindäki edebiýat göwheriniň diňe bir arassa ahlakly, watansöýüji, ähtine wepaly, ruhubelent ýaşlary  terbiýelemekde  ähmiýeti  bolman, eýsem beden we ruhy  taýdan sagdyn  jemgyýeti  kemala  getirmekde hem uly ähmiýeti  bardyr. Magtymguly Pyragy dürli temalarda (watançylyk, ynsanperwerlik, adamkärçilik, agzybirlik, söýgi, edep-terbiýe, saglyk, aýdym-saz, goňşuçylyk, durmuşy, gelin- gyzlaryň gözelligini wasp edip, öwüt-nesihat, sosial deňsizlik (“Öňi-ardy bilinmez”, “Ýeli gürgeniň”, “Depe nedir, düz nedir”, “Türkmeniň”, “Döker bolduk ýaşymyz”, “Mert bolmaz”, “Ýagşydyr”…)we ş.m) goşgularyny döredipdir. Daýhan, işçi, gullukçy, … – bütin halk özüniň idegini ussadyň şygyrlaryndan tapyp gelipdirler. Häzirem şeýle, geljekde-de şeýle bolar.

Magtymguly  atamyzyň  saglyk hakynda  ündewlerine  gulak  goýsak, onuň  adamyň  jan  saglygyny iň  uly baýlyk  hasap  edendigine şeýle setirleri  şaýatlyk edýär: 

 Jan saglygynyň  bolmaz hiç deňi-taýy,

Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy.

Beýik  şahyr  saglygyň  gadryny  kesellemezden  öň  bilmelidigini,  ony gorap  saklamalydygyny  hem  nygtaýar:

Çekmeý kişi  bimarlygyň zähmetiň,

Bu gözel  saglygyň  gadryn  näbilsin.

                                                          ***

Aýak  bar  ýöremäge, el bar almaga

Kany bende saglyk şükrün kylmaga.

                                                           ***

Saglygyň gadryn bilgil, hasta bolmazdan burun,

Hastalyk şükrün kylgyl tä ki ölmezden burun.

   Mälim  bolşy  ýaly, häzirki döwürde  köp duş gelýän keselleriň esasy sebäpleriniň biri hem ruhy agram bolup durýar. Magtymguly atamyz hem munuň şeýledigine düşünip,  adamlara  bu ýagdaýa düşünmegiň sebäplerini we onuň öňüni almagyň ýollaryny öz şygyrlarynda düşündirýär.

   Ruhy agramyň, gaýgy-aladanyň, hasratlaryň  döremegine, adamlaryň  jemgyýet gatnaşyklarynda  bolup  geçýän  käbir  nogsanlyklar sebäp bolýarlar. Ýagny, şahyr adamyň göwnüne  degmek, ýaramaz sözleri aýtmak , gybat etmek, töhmet atmak, üstünden gülmek  ýaly häsiýet-nogsanlyklaryň “Söz ýarasyndan gaçawer, tyg ýarasy biter” diýmek bilen, keselleriň sebäpleri bolup durýandygyny nygtaýar. Şonuň üçin bu nogsanlyklardan gaça durmalydygyny pent edýär:

           Alma ýaman sözi hergiz ýadyňa,

         Tiken bolup dürtüp geçer donuňdan.

 Hezreti  Magtymguly kämil jemgyýeti gurmagyň, ondaky bagtly ýaşaýşyň we  berk jan saglygyň esasy çeşmesi ýagşy sözleri köp edip, alkyş almaklygyň bolup durýandygyny aýratyn belleýär:

       Ömür saly artar alkyş alanyň,

    Gargyş galyndyrmaz, ýaşy syndyrar.

                                      ***

Ýagşy niýet eýle, ýagşy piş eýle

Ýagşylaryň sözüň jana hoş eýle.

 Ynsanlyk parzymyzy ýerine ýetirip, sogap işleri etmegiň netijesinde bize sagdyn we bagtly ýaşaýyş ýar bolar.

 Magtymguly Türkmenistanyň, aýratyn hem öz önüp-ösen ýeri bolan Etrek, Gürgen töwerekleriniň giň, gözel we hasylly sähralaryny, baglaryny, daglaryny, tebigy baýlyklaryny taryplaýan goşgulary hem döredipdir. “Gürgeniň” goşgusynda:

  Öňünde belent dag, serinde duman,

 Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.

Bulut oýnap, baran dolsa çaýlara,

Akar boz bulanyp, sili Gürgeniň.

 Magtymgulynyň «Çoh garaşdym ajap eýýam gelmedi» diýen meşhur goşgusyny öz terjimehalyna ýanap gürrüň etmeklik nädogry bolar. Sebäbi diýsek, şahyryň maddy durmuşy ýaramaz bolmandyr, özüniň il içindäki abraýy ýokary bolan eken. Magtymgula şahyrlyk we ahunlyk hormatynyň daşyndan «Garry mollanyň perzendi» diýip, mollasy-müftüsi ýok, garyby-baýy ýok, ula hormat goýupdyr. Mahlasy, şahyr şolar ýaly altyn-kümüşiň içinde ýaşamasa-da, zada zar bolup «tüýüni çeýnän» adam däl. Şeýle bolsa «Çoh garaşdym ajap eýýam gelmedi» ýaly durmuşdan we jemgyýetçilikden nägile goşgy ýazylmajak ýaly. Emma ýazylypdyr:

Nadan menem, düşdüm pelek toruna,

Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.

Çydamaz men indi hijran zoruna,

Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.

 Şeýle ajap eýýamyň gelmegine – garyp – gasarlaryň gün-güzeranynyň galkynyp, ýurtda abadançylygyň pajarlap gitmegine Magtymguly göz dikip garaşypdyr.

  Akyldaryň şygyrlaryndaky sözler halkyň şahyra berýän bahasy bilen utgaşyp gidýär. Dogrudan-da, Magtymgulynyň döredijiligi adamzat ýaşaýşyna degişli umumy we hemişelik meseleleri, türkmen durmuşynyň ululy-kiçili ýol-ýodalarynyň ählisini özünde jemläpdir. Ol  ynsan ýaşaýşynyň şahyrana ensiklopediýasydyr.

 Magtymguly Pyragynyň  arzuwlan zamanasynda şahyryň goşgulary bagşylar tarapyndan aýdyma goşulyp, aýdymçylar goşgularyna döredilen aýdymlar bilen çykyş edýärler.

  Magtymgulynyň eserlerini terjime edip, Polşada çapdan çykardan polýak şahyry Ýan Bžehwa “Magtymgulynyň ady Firdöwsi, Omar Haýýam, Nyzamy, Sagdy, Hafyz, Nowaýy ýaly Gündogaryň parlak ýyldyzlarynyň arasynda şöhle saçýar” diýip ýazypdyr. Entek özi ýaşap ýörkä ady rowaýatlar dumanyna örtülen Magtymgulynyň eserleri XIX asyryň birinji ýarymynda, 1842-nji ýylda A.Hodzko tarapyndan Londonda iňlis dilinde neşir edilýär.1863-nji ýylda A.Wamberi tarapyndan Magtymgulynyň şygyrlary Ýewropada,Leýpsigde nemes dilinde neşir edilýär. Soňra şahyryň eserleri rus beýleki dillerde neşir etdirilipdir.Bir söz bilen aýdylanda, Magtymgulnyň eserlerine bolan gyzyklanma hiç haçan hiç wagt hem egsilmändir.

  Men akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ürç edip öwrenýärin. Şahyryň  watançylyk, öwüt-nesihat, agzybirlik hakyndaky goşgulary maňa has hem ýakyn, eserlerini ýatdan bilýärin.

 Biz ýaşlara dana, çuňňur filosofiki pikirli akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza minnetdarlygymyzyň  çägi ýok. Goý Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işlerinde uly üstünlikler ýar bolsun!      

 “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň

 IV ýyl talyby Awazowa Mährigül

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: