Bilim ulgamy ösýär, özgerýär
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda döwrebap, oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Ösen ýurtlarda umumy bilimiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary gözlenilýär we öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary bilim ulgamyna ornaşdyrmak üçin köp işler amala aşyrylýar. Häzirkizaman okuwyň tehnologik üpjünçiligi ösen ylmyň derejesine gabat gelmelidir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurulýan bilim ojaklary kompýuterler, internet aragatnaşygy bilen üpjün edildi. Paýtagtymyzda, welaýat, etrap merkezlerinde iň täze enjamlar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri işleýär. Bilim ojaklarynyň interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bilimiň hiliniň düýpgöter kämil derejä göterilmegine getirdi. Multimedia tehnologiýalary dürli görnüşdäki maglumatlary görkezmäge mümkinçilik berýär, sapagyň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Sapaklarda talyplaryň, okuwçylaryň mowzuklary düýpli özleşdirmeklerinde, olaryň gözýetiminiň giňelmeginde, beýan ediş ukybynyň ösmeginde, döredijilikli, özbaşdak işlemegi öwrenmeklerinde, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakda multimedia tehnologiýalarynyň hyzmaty uludyr. Geçirilýän sapaklar multimedia tehnologiýalary bilen guralanda, ýaşlaryň geçilýän mowzuga çuňňur düşünýändigini, ýadynyň, ünsüniň işjeňleşýändigini we döredijilik başarnyklarynyň ösýänligini görmek bolýar. Şeýle-de bilim işgärleriniň döredijilik mümkinçiligini ýokarlandyrýar, wagtyny tygşytlamaga ýardam berýär.
Men hem ýaşlara matematika dersinden bilim berýärin. Geçirýän sapaklarymyň okuwçylaryň ýatlarynda galar ýaly gyzykly geçirmek meniň iň esasy wezipäm hem borjum bolup durýar. Hut şonuň üçin mekdebimiziň tejribeli mugallymlary hem-de ýolbaşçylary ýaşlara bilim-terbiýe bermek meselesine has içgin çemeleşýärler, olaryň il-güne, Watana, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda aladalanýarlar. Ösen ylmyň, bilimiň türkmen ýaşlary üçin elýeterli bolmagyny gazanmak derwaýys wezipe bolup durýar. Ylymly, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin bolsa, ösüşlerden ösüşlere barýan döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýaş nesil ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlarynyň önümi bolan enjamlardan baş çykarýar. Munuň özi ata Watanymyzda ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň gözbaşy bolan ylmyň, bilimiň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.Geljegimiz bolan ýaş nesil barada içgin aladalanýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Rozygül Apbakowa,
Hojambaz etrabynyň 14-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.