BIZE YAZYARLAR

Bütin dünýäniň akyldary

2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejede dabaraly belleniler. Onuň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary mynasyp orun alan medeni syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, beýik şahyryň hem-de filosofyň döredijiligi ylmy esasda ýurdumyzda, daşary döwletlerde giňişleýin we çuňňur öwrenilýär. Magtymguly Pyragynyň täze joşgunda, belent ruhda ýaňlanýan şygryýeti häzirki döwürde dünýäniň halklary bilen dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň waspçysyna öwrüldi.

Şundan ugur alyp, geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şanly senäni dabaraly bellemek boýunça degişli Karara gol çekendigini we geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyny tassyklandygyny bellemelidiris. Şunuň bilen baglylykda, degişli guramaçylyk topary döredildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyraga bagyşlanan mowzuklaýyn duşuşyklar, forumlar, tanyşdyrylyş dabaralary, beýleki döredijilik çäreleri geçirilýär.

Türkmen halkynyň durmuş filosofiýasy, parasatly däp-dessurlary, ýokary ruhy-adamkärçilik gymmatlyklary, berkarar, gülläp ösýän döwlet hakyndaky arzuwlary meşhur watandaşymyzyň baý we köpugurly şygryýetinde öz beýanyny tapypdyr. Bu ýagşy umyt-arzuwlar häzirki döwürde hasyl boldy. Magtymgulynyň ynsanperwer pikirleri bolsa Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esaslaryny düzdi.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmegi, şeýle hem onuň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi ady belli söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetlidigini görkezýär.

Bibimerýem Bahadyrowa,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: