BIZE YAZYARLAR

Sagdyn durmuş ýörelgesi  — bagtyýarlygyň güwäsi

Saglyk — bu gözel tebigatymyzyň ynsana eçilen nygmatydyr. Şol saglygy gözüň göreji ýaly goramak üçin sag wagtyňda alada etmeli. Saglygyny berkitmek her bir ynsanyň öz elinde. Muny üpjün etmek üçin her birimiziň hemişe hereketde bolmaga, dogry iýmitlenmäge, sport bilen meşgullanmaga endik bolmagymyz zerurdyr. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadyryn bilgil, hassa bolmazdan burun» diýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, onuň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Muňa garamazdan jemgyýetimizde käbir hassalyklar ýüze çykýar. Olardan biri hem  öýkeniň  howply täze döremeleridir.

Ýurdumyzyň ähli saglygy goraýyş merkezlerinde bolşy ýaly, biziň  hassahanamyzda hem howply keseliň öňüni almak we bejermek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Lukmanlar howply täze döremeleriň iň wajyplarynyň biri bolan öýkendäki howply täze döremäniň öňüni almak we bejermek boýunça hem tejribesini artdyrýarlar.

Şeýle-de bolsa, bu howply keseliň garşysyna diňe lukmanlaryň däl, hemmeleriň bilelikde göreşmegi gerek. Şonuň üçin hem bu kesel bilen bagly käbir maglumatlary we maslahatlary siziň dykgatyňyza ýetirmek isleýäris.

Howply täze döremeler  kimlerde ýüze çykyp biler?

  1. Köp ýyllaryň dowamynda yzygider çilim çekýän we nas atýan adamlar. Şeýle zyýanly endikler 25-30% ýagdaýda howply täze döremeleriň emele gelmeginiň esasy sebäbi bolýar. Çilimkeşleriň arasynda agyz boşlugynyň, gyzylödegiň, öýkeniň, böwrekleriň, aşgazan asty mäziň täze döremeleri has köp duş gelýär. Çilimiň tüssesi diňe bir çilimkeşleriň däl-de, eýsem, olaryň ýanyndaky ýakyn adamlarynyň saglygyna hem howp salýar. Ýanýoldaşy çilimkeş aýallarda öýken ragynyň ýüze çykmak howpy çilimkeşiňki bilen des-deňdir.
  2. Alkogol içgileri köp içýänler. Alkogol agyz boşlugynyň, kekirdegiň, gyzylödegiň, bagryň, aşgazanyň, aşgazan asty mäziň HTD-niň emele gelmek howpyny artdyrýar. Spirtli içgiler 2-3% ýagdaýda howply täze döremeleriň gös-göni sebäbi bolup durýar.
  3. Nädogry iýmitlenýänler. Iýmitinde eti, ýokary kaloriýaly azyk önümleri, ýaglary, konserwirlenen tagamlary köp ulanýan adamlarda täze döremeleriň köp duş gelýänligini alymlar belleýärler.
  4. Ýokanç keseller bilen kesellän adamlar. Howply täze döremeleriň ýüze çykmagy 10-20% ýagdaýda dürli infeksiýalar, wiruslar bilen baglanşyklydyr.
  5. Az hereketde bolýan adamlar. Howply täze döremeleriň emele gelmegi 3-4% ýagdaýda fiziki işjeňligiň azlygy bilen baglanşyklydyr.
  6. Önümçiligiň ýaramaz şertlerinde işleýän adamlar.

 Keseliň ýokuşyjylyk häsiýeti hem bardyr. Öňi alynmadyk ýagdaýynda ol maşgala agzalaryna hem ýokup bilýär. Şeýle hem anamnezinde köpçülikleýin ilkinji çişleri bolan, hapa şertlerde işleýän we ýaşy 50-den geçen öýken keselleri bolan adamlarda bu keseliň döremek ähtimallygy ýokary. Şonuň üçin hem şu howp toparlaryna degişli adamlarda öňüni alyş çärelerini geçirip durmaly. Öýkeniň dowamly kesellerini öz wagtynda bejermeli.

Ýokarda görkezilen iş şertlerinde zähmet çekýän watandaşlarymyza ýygy-ýygydan onkologiýa barlagyndan geçip durmagy maslahat berýäris. Çünki keseliň öňüni almak ony bejermekden has aňsatdyr.

Jemile Çaryýewa,

Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň kabul ediş bölüminiň müdiri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: