Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap geçirilen döredijilik bäsleşiginiň netijeleri
2024-nji ýyl “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edildi. XVIII asyryň meşhur türkmen klassiki Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanda we dünýäniň dürli ýurtlarynda medeni çäreler, döredijilik festiwallary, konsertler, sungat sergileri, edebi okaýyşlar geçirilýär.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi bu şanly ýubileý senä bagyşlap “Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – talyp ýaşlara ýörelge” atly döredijilik bäsleşiginiň netijelerini jemledi.
Gatnaşyjylar çeper döredijilik makalalary we şahyrana goşgulary bilen bäsleşige gatnaşdylar. Magtymguly Pyragynyň poeziýasynyň dowamly gymmaty we özboluşlylygy, watançylyk we gumanizm, Watana bolan uly söýgi bäsleşige gataşyjylaryň esasy temasy boldy.
Olar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň beýik şahyryň we filosofyň milli medeni mirasyny çuňňur öwrenmek we ýaýratmak ugrundaky netijeli işleri barada gürrüň berdiler.
Magtymgulynyň köptaraply döredijiligi köpsanly türkmen suratkeşleri, heýkeltaraşlary, kinorežisýorlary, ýazyjylary, kompozitorlary, Türkmenistanyň meşhur sungat işgärleri üçin tükeniksiz ylham çeşmesi bolup durýar. Bu mowzuk bäsleşige gatnaşan talyp ýaşlaryň köpsanly döredijilik işleriniň esasy temasy boldy.
Bäsleşige Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň ähli bölümleriň 1 – 4-nji ýyl talyplarynyň ählisi gatnaşdy. Birinji orun “Magtymguly Pyragy – ajaýyp söz ussady” makalasy, “Şygyrlaryñ nusga bize, Pyragy” atly goşgusy üçin “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Ogulbeg Ýegenowa berildi. Ikinji ýer “Pyragy deý merdi ýatlaman bormy?” goşgusy üçin “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň 2-nji ýyl talyby Alymow Soltan, üçünji orun “Fortepiano” bölüminiñ 1 – nji ýyl talyby Arzuw Begmyradowa, “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiñ 1 – nji ýyl talyby Selbi Imamowa berildi.
Bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Döredijilik bäsleşigine okuw edarasynyň kärdeşler arkalaşygy guramasy hemaýatkärlik etdi.
Ýuliýa Jumaýewa, sazşyna Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniñ mugallymy