YKDYSADYÝET

Magtymguly etrabynda ýerleşýän tikin we aýakgap fabrikler toplumynda ýylyň birinji aýyny üstünlikli tamamladylar  

 Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän Tikin we aýakgap fabrikler toplumynda şu ýylyň ýanwar aýynda 1,5 million manatlyga golaý iş ýerine ýetirildi.

Netijede geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýanwar aýynda aýakgap jübütleriniň, şeýle hem örme we tikin önümleriniň taýýarlanylyşynyň pul möçberindäki ösüş depgini 135 göterime barabar ýokarlandyryldy. Şu döwürde toplumyň aýakgap fabriginde taýýarlanylan aýakgaplary sany 3 müň jübüte ýetdi. Tikin fabriginiň hünärmenleri bolsa örme we tikin önümleriniň jemi 29 müň 540 sanysyny taýýarladylar. Bu görkezijiler, geçen ýylyň ýanwar aýyndaka garanyňda, toplumda 1 müň sany aýakgap jübütleriniň, 16 müň 183 örme we tikin önümleriniň artyk öndürilendigini görkezýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: