Türkmenabadyň tikin fabriginde şu ýylyň geçen üç aýynda meýilnamada görkezileninden 4 million 226 müň manatdan gowrak önüm öndürdiler.
Netijede üç aýyň meýilnamasy 192,1% ýerine ýetirildi. Ýagny, 4 million 734 müň 86 manatlyk önümiň ýerine 9 million 93 manatlyk önümiň öndürildi. Bu üstümizdäki ýylda hem kärhanada önümçiligiň depginiň geçen ýyldakysyndan has ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Ozal hem habar berşimiz ýaly, fabrigiň zähmetkeşleri geçen ýylyň meýilnamasy 147% ýerine ýetiripdiler. Şonda öndürilen önümleriň mukdary 36 million 260 müň manada ýakyn boldy. Bu göz öňünde tutulanyndan 11 million 641,5 müň manatdan hem köpdür.