YKDYSADYÝET

Bellenilen meýilnama 102 göterime barabar berjaý edildi

 Türkmenbaşy etrabyndaky «Guwlyduz» kärhanasyna degişli bolan bu görkeziji şu ýylyň geçen dört aýynda gazylyp alnan duzuň umumy möçberiniň 32 müň 265 tonna deň bolandygyny görkezýär.

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine degişli bolan bu kärhananyň duz çykarmakda dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýändigi bellärliklidir. Onuň çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan hem geçýär. Şeýle hem, bu baýlyklar mesgeninden alynýan nahar duzuny ýodlaşdyrmak işi häzirki wagtda ymykly ýola goýuldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: