JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň ýaşlar liderçilik Akademiýasy okuw geçer

Ýewrazia Gaznasy Merkezi Aziýanyň ýaşlar liderçiligi Akademiýasynyň (CAYLA) geçirýän onlaýn-sessiýasyna gatnaşmak isleýänlerden arzalary kabul edip başlady.

CAYLA ABŞ-niň halkara ösüş boýunça Agentligi (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän we bäş ýyla niýetlenen «Merkezi Aziýadaky Durmuşy Innowasiýalar» maksatnamasynyň bir bölegidir. Oňa gatnaşmak üçin 18 ýadan 30 ýaşa çenli bolan ýaşlar çagyrylýar.

Akademiýa ýaş liderlere we jemgyýetçilik işgärlerine özara hyzmatdaşlyk etmek, pikirler we tejribe alyşmak üçin meýdançany hödürleýär. Okuwyň netijesinde olar soňy bilen ösüş taslamalarynda ulanyp biljek jemagatlar bilen işleşmegiň endiklerini we liderçilik häsiýetleri ele alarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: