YKDYSADYÝET

Türkmenistandan Russiýa eksport edilýän pomidoryň mukdary artdy

Türkmenistan ýyladyşhana ýetişdirilýän pomidorynyň Russiýa eksportyny iki esse artdyrdy. «East Fruit» maglumat seljeriş meýdançasynyň bilermenleriniň maglumatyna görä, 2021-nji ýylda Russiýa getirilýän ýyladyşhana pomidorynyň möçberiniň yzygiderli azalýan döwründe Türkmenistanyň bu bazara girmegi şu ýyl üçin hakyky täsinlik boldy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

2021-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda Türkmenistan Russiýa eýýäm 32 müň tonna ýyladyşhana pomidoryny eksport etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esse diýen ýaly (92%) köp. Russiýa Federasiýasyna ýyladyşhana pomidoryny iň köp satýanlaryň sanawynda Türkmenistanyň 4-nji orny eýeleýär. Şeýlelikde, Türkmenistan Russiýa haryt ibermek boýunça Özbegistan bilen deňleşdi. Özbek eksporty 55% artyp, 37,4 müň tonna ýetdi. Deňeşdirmek üçin, şu wagt Türkiýeden Russiýa getirilýän ýyladyşhana pomidorynyň möçberi 2% azaldy.

«East Fruit» maglumat seljeriş meýdançasynyň bilermenleriniň pikiriçe, eger Türkmenistan öň beýleki gatnaşyjylar üçin uly bir bäsdeşlik döretmedik hem bolsa, indi türkmen pomidory daşary bazarlarda işjeň bäsdeşlige eýe bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: