YKDYSADYÝET

«Parahat» hususy kärhanasynda bäbekler üçin iýmit çykarmagy meýilleşdirýärler  

«Parahat» hususy kärhanasynda bäbekler üçin iýmit — däneli önümler goşulan süýtli şüle taýýarlamak  we çykarmak boýunça işler alnyp barylýar.

Kärhana eýýäm şeýle önümler goýbermekde tejribe toplady. Bu ýerde «Ýeserje» söwda nyşany bilen mekdebe çenli we mekdep ýaşly çagalar üçin pýure çykarylýar. Ol GMO, emeli reňk berijiler we konwerantlar goşulmazdan tebigy önümlerden taýýarlanylýar.

Alyjylaryň arasynda kärhanada öndürilýän «Joş» we «Eçil» söwda nyşanly şireler hem uly islegden peýdalanýar. Şonuň ýaly-da, ketçuplar we tomat pastalary hem öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: