TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebaply ýaş alymlar Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlaryna mynasyp boldular

Ýakynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň şu ýyldaky ýeňijileri belli boldy, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar. Ylym dünýäsine ilkinji şowly ädimlerini äden ýaşlaryň 57-si Ylymlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen bu bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde yglan edilip, olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Olaryň arasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Parahat Koldaşowa, şu institutyň informatika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Suraý Döwletowa, şu okuw jaýynyň daşary ýurt dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby Gunça Arslanowa dagylar hem bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: