SPORT WE SYÝAHAT

Ronaldu Ýewropa çempionatlaryna gatnaşmagyň rekordyny goýdy

Portugaliýanyň ýygyndy toparynyň kapitany Ýewropa çempionatyna gatnaşmagyň rekordyny goýdy. Bu barada «mail.ru» habar berýär.
Düýn Ýewro-2020-niň birinji tapgyrynda Wengriýanyň ýygyndysynyň garşysyna esasy düzümde çykdy. Bu onuň üçin bäşinji Ýewropa çempionatydyr. Ozal futbolçylaryň birine hem şonça oýun geçirmek başartmandy. Bu oýunda ol garşydaşlarynyň derwezesine iki pökgini geçirdi. Duşuşyk 3:0 hasabynda Portugaliýanyň peýdasyna tamamlandy. Hasaby 84-nji minutda Rafael Gerreýru açdy.
Ispaniýanyň öňki derwezebany Iker Kasilýas Ýewropanyň bäş çempionatyna gatnaşýanlaryň sanawyna goşuldy. Ýöne olaryň diňe üçüsinde meýdana çykdy.
Şonuň ýaly-da, Ronaldu Ýewroda gatnaşan oýunlarynyň sany boýunça hem öňdeligi elden bermän gelýär. Ol 22 oýna gatnaşdy. Ikinji orunda Germaniýanyň ýygyndysynyň oýnamagyny goýan, 18 oýna gatnaşan ýarym goragçysy Bastian Şwaýnştaýger durýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: