SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply türgenler Kuraş boýunça dünýä çempionatynda 12 medal gazandylar

Lebap welaýatynyň türgenleri Aşgabatda geçirilen kKuraş boýunça dünýä çempionatynda 12 medal gazandylar.

Olardan türkmenabat şäherinden tälimçiler Dinara Rozykulowa bilen Mariýa Lohowa, welaýat merkezindäki 29-njy orta mekdebiň okuwçysy Sabina Kadyrowa, harby gullukçy Wepa Awlýakulyýew we kerkili bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow dagylar altyn medallary gazandylar.

Çärjew etrabyndan tälimçi Aýşirin Haýdarowa, türkmenabatly Aýnur Amanowa, Saýat etrabyndan Jahan Muhammedowa, Şatlyk Jumanyýazow, dänewli Sabina Agajanowa, Köýtendag etrabyndan Sanjar Abdyrahmanow dagylar hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar.

Şeýle hem hojambazly telekeçi Sapa Sapaýew bürünç medalyň eýesi boldy.

Çempionatyň tutluşyklary 27-nji we 28-nji noýabrda geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: