BIZE YAZYARLAR

Sanly bilim ulgamynyň ösüşleri

Häzirki zaman maglumatlar ulgamynda elektron hasaplaýyş maşynlary, awtomatlaşdyrylan dolandyryş we mikroprosessor tehnikasy giňden ulanylýar. Hut şonuň üçin hem Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy maglumat tilsimatlarynyň soňky gazananlary bilen üpjün edilýär.

Öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda bilim ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmek ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Kompýuter tehnologiýasynyň ýola goýulmagy her bir hünärmeniň, okuwçynyň, okuwy üçin zerur bolan programmalary özleşdirmegine, resminamalaryň kagyz görnüşinden elektron görnüşine geçilmegine, maglumatlaryň degişli ulgamda uzak wagtlap saklanmagyna, olary alyşmagyň tizliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Häzirkizaman okuwyň tehnologik üpjünçiligi ösen ylmyň derejesine gabat gelmelidir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurulýan bilim ojaklary kompýuterler, internet aragatnaşygy bilen üpjün edildi. Bilim ojaklarynyň interaktiw, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bilimiň düýpgöter kämil derejä göterilmegine getirdi. Multimediýa tehnologiýalary dürli görnüşdäki maglumatlary görkezmäge mümkinçilik berýär, sapagyň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Biz sapaklarda okuwçylaryň mowzuklary düýpli özleşdirmeklerinde, olaryň gözýetiminiň giňelmeginde, beýan ediş ukybynyň ösmeginde, döredijilikli, özbaşdak işlemegi öwrenmeklerinde, multimediýa tehnologiýalarynyň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanýarys. Sapaklar üçin taýýarlanylan slaýdlarda şekilleriň, maglumatlaryň berilmegi ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Geçýän derslerimiz multimediýa tehnologiýalary bilen guralanda, ýaşlaryň geçilýän mowzuga içgin düşünýändigini, ýadynyň, ünsüniň işjeňleşýändigini we döredijilik başarnyklarynyň ösýändigini görmek bolýar. Şeýle-de, bilim işgärleriniň döredijilik mümkinçiligini ýokarlandyrýar, olara wagtlaryny tygşytlamaga ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, adamzat paýhasynyň gazanan iň ajaýyp we möhüm üstünlikleriniň biri hem ylymdyr. Ösen ylmyň, bilimiň türkmen ýaşlary üçin elýeterli bolmagyny gazanmak derwaýys wezipe bolup durýar. Ylymly, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin bolsa, ösüşlerden ösüşlere barýan döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýaş nesil ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlarynyň önümi bolan enjamlardan baş çykarýar. Munuň özi ata Watanymyzda ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň gözbaşy bolan ylmyň, bilimiň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Täze taryhy döwürde amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň netijesinde bilim ulgamyny özgertmek, hemmetaraplaýyn bilimli, täzeçe pikirlenýän hem-de maksada okgunly  ýaş nesliň kemala gelmegini gazanmak ugrunda ägirt uly işler   durmuşa geçirilýär.

Bilim ulgamyna dünýä ylmynyň häzirkizaman gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hili has-da ýokarlanýar. Häzirki wagtda orta mekdepler  okatmagyň hem-de bilim bermek usulyýetiniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen, ýaşlaryň aň-paýhas mümkinçiliklerini mümkin boldugyça doly açmak üçin şert döredilen  okuw merkezleridir.

Çünki kompýuterleşdirilen synp otaglary, interaktiw we multimediýa usullary dünýä tejribesiniň iň gowy gazananlarydyr. Okuw enjamlarynyň üsti bilen ýaşlara beriljek bilimiň hilini ýokarlandyrmak mugallymyň ussatlygyna baglydyr. Ýaş nesli döwrebap okatmakda üstünlikli netije gazanmak mugallymlaryň hünär derejesi, başarjaňlygy zerurdyr. Şol maksat bilen döwletimiz mugallymlara öz bilimlerini yzygider artdyrmagy, täze tehnologiýalary we okatmagyň häzirki zaman usullaryny özleşdirmek ýörelgelerine eýerýär.

Kemal Karaýew,

Çärjew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: