SPORT WE SYÝAHAT

UEFA ýeňillik döredýär

Ýene bir aý çemesi wagtdan Ýewropada futbol baýramçylygy «Ýewro ― 2020» başlar. Çempionata diňe goňşy yklymyň futbol ýygyndylary gatnaşýan hem bolsa, ol bütin dünýäniň janköýerleriniň ünsüni özüne çekýär. Şonuň üçin şu günler «Ýewro ― 2020» bilen bagly her bir habar gyzykly.
UEFA ýaryşa gatnaşjak milli ýygyndylar barada täze bir karara geldi. Şu gezekki çempionat üçin her bir baş tälimçä milli ýygynda 26 futbolçyny çagyrmaga rugsat berler.
Mundan öň, milli ýygyndylaryň ahyrky düzümi 23 futbolçy bilen çeklendirilýärdi. Düzümiň üç oýunça çenli ulaldylmagy ýygyndylarda ýüze çykyp koronowirus wakalary bilen bagly bolar.
UEFA-nyň milli ýygyndylara beren mümkinçiligi munuň bilenem çäklenmeýär. Düzümler 1-nji iýun güni gutarnykly yglan ediler. Ýöne şondan soň hem düzümde futbolçylaryň saglygy bilen bagly ýagdaý ýüze çyksa, tälimçiler olary başga bir sagdyn futbolçylar bilen çalşyp biler.
Begenç Açilow,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply