YKDYSADYÝET

2024-nji ýylda Lebap welaýaty üçin döwlet býujetinden näçe mukdarda serişdäniň goýberiljekdigi belli boldy

Lebap welaýatynyň 2024-nji ýyl üçin býujeti 2 781,1 million manat möçberinde meýilleşdirildi.

Bu görkeziji 2023-nji ýylyň meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim köpdür.

Welaýata bölünip berlen çykdajylaryň 91,6 göterimini durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirmek meýilleşdirilýär. Olaryň 68,7 göterimi bilime, 18,9 göterimi saglygy goraýşa, 2,3 göterimi medeniýete, 9,8 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna degişlidir.

2024-nji ýyl üçin býujet görkezijileriniň göz öňünde tutulan belent sepgitlere ýetmäge doly mümkinçilik berjekdigi ikuçsuzdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: