SPORT WE SYÝAHAT

Pekin—2022: Norwegiýa, Germaniýa we ABŞ hemmelerden öňde barýarlar

17-nji fewralyň netijeleri boýunça Norwegiýa, Germaniýa we ABŞ birinji, ikinji we üçünji orunlary eýeleýärler. Olaryň hasabynda, degişlilikde, ýigrimi dokuz, ýigrimi iki we ýigrimi bir medal bar. Norwegiýalylarda on dört altyn, ýedi kümüş we sekiz bürünç medal bar. Germaniýaly türgenler on altyn, ýedi kümüş we bäş bürünç medal gazandylar. Amerikanyň birleşen Ştatlarynyň türgenleri sekiz altyn, şonça kümüş we bäş bürünç medal topladylar.

Şwesiýanyň topary Hytaýy bäşinji setire düşürmek bilen, turnir tablisasynyň altynjy setirinden dördünji setirine galdylar.

Olaryň yzyndan Awstriýa, Niderlandlar we Şweýsariýa barýar. Awstraliýalylarda, ozalkysy ýaly, on ýedi medal bar. Niderlandlaryň topary bir kümüş medal gazanyp, onuň umumy sanyny on bäşe ýetirdiler. Şweýsariýalylar bir altyn, şonça-da kümüş medal gazandylar, indi olaryň hasabynda on iki medal bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: