Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Lebap welaýatynyň açyk birinjiligi başlandy

Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Lebap welaýatynyň açyk birinjiligi başlandy. Oňa Türkmenabat şäherinden we etraplardan gelen toparlardan başga-da, Aşgabat şäheriniň topary hem gatnaşýar.

2005—2015-nji ýyllarda doglan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda guralan ýaryşda 100 gowrak türgen öňdeligi eýelemek ugrunda göreşýär. Ýaryşlar şahsy, jübütleýin, toparlaýyn we garyşyk görnüşlerinde geçiriler. Ýaryşyň ilkinji güni türgenleriň bu ýaryşa çynlakaý taýýarlanandyklaryny görkezdi. Oýunlar örän çekeleşikli ýagdaýda dowam edýär.

Duşuşyklar 10-njy ýanwara çenli dowam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector