YKDYSADYÝET

Lebaply telekeçiler 136 tonnadan geçirip et öndürdiler

Lebap welaýatynyň telekeçileri geçen dokuz aýda 136 tonnadan geçirip et öndürdiler.

Aýry-aýry telekeçiler şu ýyl önümçiligini artdyrandygyny subut etdiler. «Bereketli jaý» hususy kärhanasynyň maldarlary bu önümiň 7 tonnasyny söwda nokatlaryna ugratdylar. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4 tonna köpdür. Çärjew etrabynda mal semretmek bilen meşgullanýan Täji Täjiýewiň öndüren önümi bolsa 15 tonna barabar boldy. Bu onuň geçen ýylky dokuz aýdaky görkezijisinden 4 tonna gowrak köpdür. Dänewli telekeçi Suhrap Allakulyýew bolsa geçen ýylkysyndan iki esse köp et taýýarlady we söwda nokatlaryna 3,6 tonna önüm ugratdy. Kerkili telekeçi Ogulsapar Möwlamberdiýewa geçen ýylyň dokuz aýdakysyna garanda, 6 tonna eti köp öndürdi. Onuň taýýarlan önümi 11 tonna barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: