«Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň kerpiç zawodyndan her gün bişen kerpijiň 50 müň sanysy gurluşyk meýdançalaryna ugradylýar

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndaky «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň kerpiç zawodyndan hususy gurluşyk kärhanalarynyň buýurmalarynyň esasynda her gün bişen kerpijiň 50 müň sanysy gurluşyk meýdançalaryna ugradylýar.

Kärhanada öndürilen kerpiçleriň esasy bölegi Daşoguz şäherinde bina edilýän jaýlaryň gurluşygynda ulanylýar. Bu işe kärhananyň gurluşykçylary hem işjeň gatnaşýarlar. Olar eýýäm 4 gatly 16 öýli jaýlaryň birnäçesini gurup, ulanylmaga tabşyrdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector