YKDYSADYÝET

Türkmenistanda guşçulygy ösdürmäge ugur alyndy

 Türkmenistanda guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijileri üpjün etmek üçin iýmlik mekgejöweni 20 müň gektar, soýany 2 müň gektar we iýmlik bugdaýy 40 müň gektar meýdanda ekmek we olaryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça guramaçylyk çärelerini amala aşyrmak tabşyryldy.

Şonuň ýaly-da, iýmlik mekgejöweniň, soýanyň we iýmlik bugdaýyň ekin meýdanlarynyň welaýatlar we etraplar boýunça ýerleşdirilişini, olary ösdürip ýetişdirjek kärendeçileriň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer eýeleriniň sanawyny kesgitlemek hem tabşyryldy.

Iýmlik däneleri öndürijileri Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi iýmlik bugdaýyň tohumy hem-de tehniki hyzmatlar bilen, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti suwaryş suwlary bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni mineral dökünler bilen agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda zerur bolan möçberlerde we möhletlerde üpjün etmäge borçly edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: