YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky himiýa zawodynda alty aýda meýilnamadan artyk  37 müň tonna ammonili superfosfat öndürildi

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa zawodunda ýylyň başyndan bäri 135 müň tonnadan geçirilip ammonili superfosfat öndürildi. Bu alty aýda göz öňünde tutulanyndan 37 müň tonnadan gowrak köpdür. Şonda ýarym ýyllyk meýilnama 138% ýerine ýetirildi.

Şonuň ýaly-da, oba hojalyk ekinlerine zyýan berijileriň garşysynda ulanylýan «Kükürtli» himiki serişdesiniň 220 tonnasy buýrujylar iberdi. Tehniki we lukmançylyk kislorodynyň 120 müň kub metri çykaryldy.Zawdyň Magdanlydaky şahamçasynda hlorly hekiň 206 tonnasy öndürildi we buýrujylara ugradyldy. Kükürt kislotasyny öndürmekde bolsa 102% ösüş depgini gazanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: