YKDYSADYÝET

Balkan welaýatynda suw arassalamak üçin filtrler öndürilýär

Balkanabat şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýän täze kärhana suw arassalamak üçin filtrleri öndürmäge ýöriteleşdirilen. Onuň taslama kuwwaty ýylda 100 müň sany filtr öndürmäge niýetlenen.

Ol ýokary hilli ekologiki taýdan arassa önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän dünýäniň meşhur öndürijileriniň iň häzirki zaman tehnikalary we tehnologiýalary bilen üpjün edilen. Çig mal hökmünde Türkmenistanda öndürilen polipropilenden peýdalanylýar. Önümçiligiň tehnologiýasy zyňyndysyzdyr we atmosfera zyýanly taşlandylarsyzdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: