TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebaply telekeçi iki ýarym aýda 70 tonna pomidor eksport etdi

Telekeçi Ruslan Abdullaýewe degişli ýyladyşhanada öndürýän pomidor hasylynyň 80 ― 90 göterimi daşary ýurtlara eksport edilýär. Bu ýerde dekabrda ýyglyp başlan 100 tonna çemesi pomidoryň 70 tonna ýakyny Russiýa Federasiýasyna we Gazagystana ugradyldy.
2016-njy ýyldan bäri işläp gelýän ýyladyşhanada şu gezek pomidoryň marwelan we altes, ýer tudanasynyň bolsa festiwal sortlarynyň şitillerini oturdyldy. Pomidorlarlar dekabrda, ýer tudanasy bolsa ýanwarda hasyla durdy. Ýygym başlanandan bäri pomidoryň 100 tonna golaýy, ýer tudanasynyň 1 tonnadan gowragy ýygyldy.
Umuman, bu ýerde 1 gektar meýdana ýaýylyp ýatan pomidordan iýun aýyna çenli 300, bir ýarym aý bäri ýyglyp ýören ýer tudanasyndan bolsa möwsümiň ahyryna çenli 8 tonna hasyla garaşylýar.
Gabynyň daşynda «Türkmenistanda öndürildi» diýlen ýazgy ýerleşdirilen oba hojalyk önümleri dünýä bazaryndaky ýerini barha giňeldýär. Ýakynda hem habar berşimiz ýaly, 2020-nji ýylda welaýatymyzyň hususyýetçileriniň 16-syna degişli ýyladyşhanalarda öndürilen pomidorlaryň ekportundan alnan girdeji Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 3,5 million dollaryna ýakynlaşdy. Alnan girdejide Ruslan Abdullaýewiň ýyladyşhanasynyň hem uly paýy bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply