JEMGYÝET

Çagalar bagynda sergi guraldy

Farap etrabynyň 19-njy «Leýli» çagalar bagynda «El hünäri il gezer» atly sergi açyldy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň etrap bilim bölümi hem-de zenanlar birleşmesiniň etrap bölümi bilen bilelikde guran sergisinde el işleriniň dürli görnüşleri goýlupdyr.
Sergide goýlan eksponatlaryň köpüsini etrap çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň okuwçylary, çagalar baglarynyň terbiýeçileri taýýarlapdyrlar. Halylar we haly önümleri, ýerli halka mahsus bolan öý goşlary, gobelen, milli eşikler we beýlekiler sergä gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Ony synlamaga mekdep okuwçylary, çagalar baglarynyň körpeleri gelýärler, çagalar bagynyň terbiýeçileri körpeleri milli gymmatlyklar bilen tanyşdyrýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply