TÜRKMENISTAN HABARLARY

Çärjewiň pagta arassalaýjy kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işine ýokary baha berildi

Lebap welaýatynyň Çärjew pagta arassalaýjy kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň geçen alyp baran işine ýokary baha berildi we onuň başlygy Babamyart Sopyýewe ýörite sylag gowşuryldy.
Bu barada Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň ýörite karar kabul etdi. Şeýle sylaga ýurt boýunça ýene-de bu pudagyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň ikisi mynasyp boldy. Resminamada olaryň ýylyň dowamynda ýurduň ykdysady kuwwatyny hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleri wasp etmekde, ilkinji guramalaryň geçiren çärelerini metbugatda beýan etmekde tapawutlanandygy bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply