TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda ýerleri hususy önüm öndürijilere bölüp bermek dowam etdirilýär

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda daýhan birleşikleriniň 8-siniň, Farap etrabynda daýhan birleşikleriniň 2-siniň, Halaç etrabynda daýhan birleşikleriniň 6-synyň, Hojambaz etrabynda daýhan birleşikleriniň 2-siniň, Kerki etrabynda daýhan birleşikleriniň 6-synyň, şeýle hem Halaç etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň Kerki etrabynyň «Gülüstan» ýaýlasynda ýerleşýän bölegi, Döwletli etrabynda daýhan birleşikleriniň 4-siniň ýerleri hususy önüm öndürijilere paýlanylar. Bu işlere eýýäm guramaçylykly girişildi, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Ýerleri hususyýetçilere bölüp bermek işi daýhan birleşikleriniň käbirinde dolulygyna, käbirinde bolsa bölekleýin amala aşyrylar.
Ýerler paýlanylanda, önüm öndürijileriň üç ýylyň dowamynda gazanan iş görkezijileri göz öňünde tutulýar.
Bu iş Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň sentýabrynda bolup geçen birinji mejlisinde kabul edilen oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edilen Karara laýyklykda alnyp barylýar.
Bu ýerleri hususylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowamydyr. 2019-njy ýylyň başynda Lebap welaýatynda 28 müň 140 gektar gowrak ýer 99 ýyl möhlet bilen önüm öndürijiler paýlanylypdy. Önüm öndürijiler berlen ýerleriň 70 göteriminde pagta we bugdaý ekmek, galan 30 göteriminde bolsa, beýleki oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply